Gyş
Meňzäp ýerde gonýan akja kepdere,
Gökden ýere ýene rehmet eňip dur,
Meňzäp ýazylmadyk akja depdere,
Garşymyzda dag etegi doňup dur.
Ýitiräk seretsem, bir zatlar ýazyp,
Batly ädim bilen ötüpdir şemal,
Kä ýerde dag ýasap, kä ýeri gazyp,
Rysgaldan paý bukup goýmagy ahmal.
Gurtlar arzuw edip ýaşja guzyny,
Geçip gidipdirler täze yz bilen,
Boýun alyp gyşyň aýaz buzyny,
Ýene dolanypdyr säher tiz bilen.
Gar astynda galan tüýnükli jaýlar,
Gara turbalardan dem alýan ýaly,
Gara bulut seçýär şekerden paýlar,
Göýä bu jaýlarda toý bolýän ýaly.
Gar astynda galan arçalar welin,
Meňzäp bahar ýazyň kömelegine,
Ýa mysaly ak eşikli bir gelin,
Şatlyk paýlaýandyr töweregine.
Ýer ýüzün doňdursa ýazgarmaň gyşy,
doňdurmasyn hiç bir zaman ýüregi,
Ak gar bilen alyp müňläp alkyşy,
Ýer ýüzünde ýaşaýanlaň geregi.
Ýöne bir zat mende döretýär şatlyk,
Şol jaýlarda okuwçylaň galamy,
Arzuw eýläp ülkämize abatlyk,
Göterýäler meniň göwün galamy.
Gyş pasly çekip dur ençeme surat,
Olary wasp etmek mümkin däl Aman,
Gyşda bardyr hünär hem bardyr gudrat,
Bu ne ajap pasyl, ne ajap zaman.
Amangeldi Rähşa
1968