Geldi
Husny müň tümen bahaly
Dilberim, dildarym geldi!
Sormaga gelmiş bu haly,
Gam defgy, gamhorym geldi.
Lebinden nygmat saçyla,
Mähriban bolup açyla,
Sünbül bäs etmez saç ile,
Jan riştesi tarym geldi.
Goý bäri, destiň almaly,
Biz üçin ýany almaly,
Ak ýüzi goşa almaly,
Alma bilen narym geldi.
Ýel degse, zülpüň dagydyr,
Synamda yşkyň dagydyr,
Ýetmez men ýaryň dagydyr,
Gözel wepadarym geldi.
Guwandym reňgi-alyna,
Aldandym mekri-alyna,
Golun daldalap alyna,
Zülpleri şamarym geldi.
Jilwesi älem narydyr,
Eltafy bizden narydyr,
Elinde alma-narydyr,
Gözleri hun-horym geldi.
Jemaly älem ýarydyr,
Her zülpi älem ýarydyr,
Gören diýr: «Kimiň ýarydyr?»
Ol pasly baharym geldi.
Ak ýüzünde nukta haly,
Tahyryň geçer ne haly,
Sormaga gelmez bu haly,
Saky gül ruhsarym geldi.
Mollanepes [Zöhre-Tahyr]
1554